Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli online maslahat geçirildi


Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli online maslahat geçirildi

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Telekomunikasiýalar we informatika institutynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ilkinji amaly online maslahaty geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda sanly bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Talyp ýaşlara berilýän bilimi baýlaşdyrmakda, onuň hilini dünýä derejesine laýyk getirmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek görkezýär.

Sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen çäre Italiýanyň, Ruminiýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň görnükli ylmy işgärleri ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary, Türkmenistanyň bilim ministrliginiň innowasiýa maglumat merkeziniň wekilleri, Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli düýä dilleri institutynyň, Türkmen aragatnaşyk agentliginiň politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary hem çykyş etdiler. Teleköpürileriň dowamynda Arkadagymyzyň açyk gapylar syýasaty netijesinde türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýynyň artýandygy bellenildi.