TOPLUMLAÝYN ÇEMELEŞME GURLUŞYK IŞLERINIŇ HILINIŇ WE NETIJELILIGINIŇ ESASYDYR


TOPLUMLAÝYN ÇEMELEŞME GURLUŞYK IŞLERINIŇ HILINIŇ WE NETIJELILIGINIŇ ESASYDYR



4-nji iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi babatda degişli ýolbaşçylar bilen maslahat geçirdi.