Milli Baýdagymyz – Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň batly gadamlarynyň belent nyşanydyr
Garaşsyz Bitarap Türkmenistanda milli senenamamyzyň iň şanly seneleriniň biri – Konstitusiýanyň we Döwlet tugunyň güni uly dabara bilen bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli döwletliligiň kemala gelmeginiň hem-de ösmeginiň syýasy - hukuk binýady bolup, dünýäniň oňyn tejribesine daýanýar we şol bir wagtyň özünde türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan iň gowy däp-dessurlaryny hem-de milli aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Dölwet çeperçilik akademiýasynda ylmy-amaly maslahat we döredijilik sergisi geçirildi. Ylmy maslahatda ýokary okuw jaýynyň halypa mugallymlary bilen bir hatarda ýaş mugallymlar baýramçylygyň şanyna gyzykly täsirli çykyşlary etdiler. Soňra maslahat serginiň açylyşy bilen dowam edildi. Sergide talyplaryň döwrebap eserlere degişli işleri sergilendi. Serginiň dabaraly açylyşyna mugallymlar we talyplar işjeň gatnaşdylar.