Parahatçylygyň we azatlygyň goragçylaryny sarpalamak — türkmen halkynyň asylly däbi


Parahatçylygyň we azatlygyň goragçylaryny sarpalamak — türkmen halkynyň asylly däbi



Türkmen halkynyň beýleki doganlyk halklar bilen faşizme garşy uruşda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllyk senesini bellejek wagty daş däl. Bu senäniň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe resminamalara, şol sanda uruş weteranlaryny, urşa gatnaşanlaryň ýanýoldaşlaryny hem-de tylda zähmet çeken weteranlary «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beyik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permanlara gol çekdi.