Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi


Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi



1-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garamak meseleleri, ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça bu düzümleriň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler girizildi.