Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy


Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy



12-nji fewralda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň konserti boldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri 14-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde tamamlanar. Şol ýerde döredijilik çäresiniň ýapylyş dabarasy we iki ýurduň artistleriniň bilelikdäki dostluk konserti bolar. Forumyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar muzeý gymmatlyklary hem-de paýtagtymyzyň beýleki gözel ýerleri bilen tanşarlar.