Ankarada Türkmen-türk işewürlik maslahaty geçirildi


Ankarada Türkmen-türk işewürlik maslahaty geçirildi

Şu gün Ankarada hormatly Prezidentimiziň resmi saparyna gabatlanyp, Türkmen-türk işewürlik maslahaty geçirildi. Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edarasynda geçirilen forumyň açylyş dabarasyna döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu çäräniň maksady özara bähbitlilik esasynda ýola goýlan söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň anyk ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, işewürlik maslahatynyň geçýän ýerinde hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy hem-de senagat we tehnologiýalar ministri tarapyndan mähirli garşylanyldy. Soňra olar bilelikde bu ýerde guralan Türkmenistanyň önümleriniň sergisine aýlanyp gördüler.

Maksatnama laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady ulgamda netijeli gepleşikleriň dowam etdirilmegine gönükdirilen şu gezekki duşuşykda ikitaraplaýyn hereketlere hil taýdan täze itergi berjek, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere seretmäge ýardam etjek pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynam bildirdi. Çäräniň giň wekilçilikli düzümi bolsa türk işewür toparlarynyň Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändiklerinden nyşandyr.

Hormatly Prezidentimiz forumda eden çykyşynda ykdysadyýet, maýa goýumlar, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň, şunuň bilen birlikde, oba hojalygy, senagat we önümçilik kooperasiýasy pudaklarynyň, ylymdyr tehnikanyň milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarydygyny aýdyp, olar boýunça türkiýeli hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary ösdürmek babatda anyk teklipleri öňe sürdi. Hususan-da, Türkiýäniň işewür toparlary «Aşgabat-siti» konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak senagat klasteriniň gurluşyklaryna işjeň gatnaşmaga çagyryldy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz bilelikdäki maýa goýum gaznasyny we Maýa goýumlar boýunça bilelikdäki iş toparyny, ulag-logistika merkezini döretmegi teklip edip, Türkmenistanyň türkmen elektrik energiýasynyňdyr tebigy gazynyň Türkiýä iberilmegi boýunça özara hereketlere açykdygyny tassyklady. Çykyşda gyzyklanma bildirilýän başga pudaklarda-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň işewürlik forumyndaky çykyşy tamamlanandan soňra, türk tarapynyň käbir döwlet we hususy düzümleriniň ýolbaşçylary hem çykyş etdiler.