Kadalary berjaý edip, KESELLERDEN GORANALYŇ!
Hormatly ildeşler! Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmak zerurdyr.
Şol maksat bilen her birimiz:
◊ Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen
meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säherde we agşamara arassa howada ýa-rym sagat pyýada ýöremeli.
◊ Daşary çykmazdan öňürti burnuň nemli bölegine «oksolin» melhemini
çalyp, agyz-burun örtügini dakynmaly.
◊ Kelläňizi ýuwup, saçyňyzy gowy edip guratmazdan, daşary çykmakdan
saklanmaly.
◊ Pasyllara görä geýinmeli. Howanyň üýtgäp durýan şertlerinde munuň özi saglygyňyzy goramak üçin has möhümdir.
◊ Immunitetiňi ýokarlandyrmak üçin С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri iýmeli (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun dem-lemesi, alma, pyrtykal, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri).
◊ Öýüňizde we iş ýeriňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny
gazanmaly. Penjiräni ýa-da gapyny wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip dur-maly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl.
◊ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygyň
saklanmagyna üns bermeli.
◊ Ýiti respirator ýokanç keselleriň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýyn-da hökman öýde galmaly we maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman tara-pyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli.