Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi


Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi

2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garamak, şeýle hem beýleki meseleler girizildi.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol täze hukuk resminamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalary işlenip taýýarlananda olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini aýtdy. Bu kanunlar döwletiň alyp barýan netijeli syýasatyny görkezmelidir, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmalydyr. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň ählisini halk köpçüligine düşündirmek çärelerini yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra wise-premýerler hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri, resminamalaryň taýýarlanan taslamalary barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisde käbir resminamalara gol çekdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow ähli aşgabatlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly waka – Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.