TÜRKMENISTANYŇ TOPARYNY OLIMPIÝA OÝUNLARYNA UGRADYŞ DABARASY


TÜRKMENISTANYŇ TOPARYNY OLIMPIÝA OÝUNLARYNA UGRADYŞ DABARASY



16-njy iýulda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar. 23-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda boljak giň gerimli wajyp ýaryşlara badalga berilmegine bir hepdeden hem az wagt galdy. Oňa däp boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynyň saýlama türgenleri gatnaşar. Olaryň hatarynda biziň türgenlerimiziň hem çykyş etjekdigini bellemeli.