Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän kuwwatly güýçdür Türkmenitanda Bütin dünýä saglyk güni bellenildi


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän kuwwatly güýçdür

Türkmenitanda Bütin dünýä saglyk güni bellenildi



7-nji aprelda Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütin dünýä saglyk güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli sport, bedenterbiýe sagaldyş we beýleki çäreler geçirildi. Irden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahal teke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesine baryp gördi.