KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY


KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY



Güýz pasly ýylyň iň syrly wagtydyr. Ol mylaýym şemaly bilen duýdansyz gelýär. Güýz paslynyň başlanmagy bilen hemme zat hakykatdanam syrly bolýar. Ýylyň bu wagty, edil suratkeşler ýaly tebigat özüniň owadan reňkleri bilen bürenýär. Güýz pasly barada Gurbannazar Ezizowyň “Güýz” atly sonetler çemeni ýadyňyza düşer:

Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak.

Ýaprak saralanda durlanýar pikir.

Ýatlaýaň geçeni öňküden köpräk,

Hem diýýäň: “Oňatlyk, hudaýa şükür!”

Islendik döredijilik adamsy tebigatdan ylham alýar. Şahyrlar, aýdymçylar, kompozitorlar, suratkeşler we beýleki gujurly ynsanlar asuda ýurdumyzda yhlas bilen erkana işläp, ajaýyp zatlary döredip, öz ýaşaýan durmuşyndan lezzet alýarlar. Öz döwrüniň waspçysy hökmünde zehinli suratkeşler Begenç Berkeliýew bilen Wepa Gurdow hem täsirli duýgularyny kendir, ýagly boýaglaryň kömegi bilen “40-njy güýz” atly sergisini halka hödürlediler. Suratkeşler hem güýzüň syrly dünýäsine aralaşmaklary bilen jadyly tebigata ýugruldylar. Sungatyň, medeniýetiň, ylmyň we bilimiň uly ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem halypa mugallymlaryň we zehinli talyp ýaşlaryň döreden sungat eserlerini göreniňde olarda Watana, milli mirasymyza bolan buýsanjy görmek bolýar. Şeýle-de, ýurdumyzda bolşy ýaly sungat ojagymyzda hem “Halypa – şägirtlik ýoluna” örän uly üns berilýär. Halypa mugallymlar özleriniň hünärini, ýerine ýetiriş usullaryny ýaş höwesjeňlere uly höwes bilen ýetirýärler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ökde, zehinleri bilen tapawutlanýan suratkeşlerimizi ýüze çykarmak üçin yzly-yzyna uludan guralýan sergiler geçirilýär. Şeýle sergileriň biri hem Begenç Berkeliýewiň we Wepa Gurdowyň şahsy sergileridir.

Türkmen suratkeşleri şahsy sergilerini gurnap, sungatymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, ajaýyp eserleri bilen Halkara sergilere çykarylmagy, ýurdumyzda suratkeşligini ösdürmek boýunça geçirilýän bäsleşiklere uly mümkinçilikler döredilýär. Begenç Berkeliýewiň we Wepa Gurdowyň geljekde hem şeýle üstünlikli sergileriniň dowamynyň köp bolmagyny, sungat äleminde bolsa diňe üstünlik ýaran bolmagyny arzuw edýäris!



Bahar MAGTYMOWA.