TÜRKMEN TOPRAGYNY BAGY-BOSSANLYGA BÜREMEK WE ABADANLAŞDYRMAK HALKYMYZYŇ DURMUŞ DEREJESINI ÝOKARLANDYRMAK BARADAKY ALADANYŇ NYŞANYDYR


TÜRKMEN TOPRAGYNY BAGY-BOSSANLYGA BÜREMEK WE ABADANLAŞDYRMAK HALKYMYZYŇ DURMUŞ DEREJESINI ÝOKARLANDYRMAK BARADAKY ALADANYŇ NYŞANYDYR



5-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle-de bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumuzu bagy-bossanlyga büremegiň güýzki möwsüminiň başlanmagyny alamatlandyrýan çärä täze merkeziň ýolbaşçylary, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.