Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergi açyldy


Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda bu ýokary ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň türkmen alabaýlaryna bagyşlap döreden sungat eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli açylan sergi bäsleşik esasynda geçirilip, onda sergilenen sungatyň nakgaşçylyk, keramika, dizaýn, grafika, şol sanda zergärçilik, halyçylyk, zergärçilik, heýkel eserleriniň awtorlary näbellilik ýagdaýda saklanyp, her bir döredijilik eseri ýörite san belgileri bilen bellenilipdir.

Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli açylan döredijilik sergisiniň açylyş dabarasynda çykyş edenler halkymyzyň milli buýsanjy bolan alabaýlaryň ynsanyň iň bir wepaly dostydygyny, şeýle-de türkmen alabaý itleri ösdürip ýetişdirmek, olaryň şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň has-da dabaralanýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler.

Sergide ýaýbaňlandyrylan döredijilik eserlerinde türkmen alabaý itleriniň gaýduwsyzlygy, wepalylygy inçelik bilen beýan edilýär. Nakgaş eserlerindäki beýan edilýän pursatlary synlanyňda hem türkmen alabaý itleriniň ynsanyň hemişe iň ýakyn dosty bolandygyna şaýat bolýarsyň.

Sergidäki gobelen eserlerinde bolsa türkmeniň gül-güläleklere beslenip oturan ajaýyp tebigatynda gezim edip ýören alabaýlaryň şekilleriniň ýerleşdirilmegi bilen tebigat bilen haýwanat dünýäsiniň özboluşly alamatyny görkezýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, sergide görkezilýän sungat eserleriniň her biri bilen tanyş bolup, olar barada pikir ýöredeniňde awtorlaryň döwrebap, nepis eseri döretmekleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabyndan, şeýle-de türkmen halk ertekileridir rowaýatlaryndan ugur alyp türkmen alabaýlarynyň düşbüligini, edermenligini, gaýduwsyzlygyny, şol sanda wepalylygyny açyp görkezendikleridir.

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli açylan döredijilik sergisi oňa gatnaşan myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu bolsa sergide ýaýbaňlandyrylan döredijilik işleriniň awtorlarynyň öz ýüzlenýän temalaryny içgin öwrenendiklerini, kämil eserleri döretmek üçin zehinlerini, yhlaslaryny gaýgyrmadyklaryny görkezýär. Sergide görkezilýän döredijilik eserleriniň ýeňijileri oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde belleniljek Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde yglan ediler. Biz hem bäsleşige gatnaşýan awtorlaryň ählisine döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.