GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY


GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY



24-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.
Paýtagtymyzyň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Gazagystanyň Baştutanyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow garşylady. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawuly düzüldi.
Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglanjyk we gyzjagaz Gazagystanyň Liderine duz-çörek hödürledi hem-de gül desselerini gowşurdy.
...Günüň ikinji ýarymynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy.