Halypa suratkeşleriň şahsy sergileri açyldy


Halypa suratkeşleriň şahsy sergileri açyldy



Golaýda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Aleksandr Kaşirskinyň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli hem-de Nabirkina Lýudmilanyň şahsy sergileri açyldy.

Merkeziň: Direktorynyň wezipesini w.ýe.ýe Gözel Hakberdiýewa sergini açyp berdi. Sungat ussatlaryny döredijilik ýolda gazanan üstünlikleri bilen gutlap, şeýle mümkinçilikleri döredip beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli döwletli işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin diýip arzuw etdi.

Alkesandr Kaşirskinyň döredijilik ýolunyň ussatlygyny synlanyňda geçmişe ser salyp, geljekki ýaş nesillerimizi döredijilik ýoluna ünsüni özüne çekýän her bir eserleri çuňňur many-mazmuna ýugrulandygyny görmek bolýar.

Nabirkina Lýudmilanyň bu mähirli zenanyň döreden her bir eseri sungatyň naýbaşylarynyň biri bolan nakgaşçylyk sungatynyň ussady diýsek ýalňýşmasak gerek diýip Gözel Hakberdiýewa belläp geçdi, hem-de ilkinji söz nobatyny Türkmenistanyň halk suratkeşi halypa mugallym Annadurdy Almämmedowa söz berildi. Dabaramyzyň arzyly myhmany Türkmenistanyň Halk suratkeşi,“Hormatly il ýaşulysy”, heýkeltaraş Saragt Babaýewa söz nobaty berildi.

Soňra Aleksandr Kaşirskiý, Nabirkina Lýudmila sergileri gurnamaga ýardam berenlere hem-de myhmanlara öz minnetdarlyklaryny aýtdylar. Dabaranyň dowamynda Möjek Çaryýew, Azat Annaýew, Gülüstan Ýagmyrowa serginiň sebäpkärlerini mähirli sözler bilen gutladylar.