«Halypany hatyralap»
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyñ halk artisti Sahy Jepbarowyñ doglan gününiñ 115-ýyllygyna bagyşlanan «Ussatlykda tylla täçli bagşydyñ» atly ýubuleý konserti geçirildi.
Sahy Jepbarow 1905-nji ýylda Gökdepe etrabynyñ Ýañgala obasynda dünýä inýär. Ol ilki saz tälimini agasy Allaberdi Jepbardan soñra oba bagşysy Şyhdurdy Garadan alýar. Sahy Jepbarow obadaşy Täçmämmet Suhangulyýewiñ tagallasy bilen Aşgabada gelip, halypasy Hally bagşy bilen tanyşyp, halypa-şägirtlik ýoluna başlaýarlar. Sahy Jepbar diñe Hally bagşydan däl, eýsem Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Çuwal bagşy ýaly beýleki ussatlary diñläp ussatlygyny taplap geçýär. Ol ýaşlygyndan il içinde «Oglan bagşy» adyny alýar. 1937-nji ýylda Sahy Jepbarowa uly aýdym-saz topary döredip, oña ýolbaşçylyk etmegi tabşyrýarlar. Sahy bagşy ýurdumyzyñ dürli ýerlerinden zehinli ýaşlary Aşgabada çagyryp aýdym-saz toparyny döredýär. 1938-nji ýylda bolsa, döreden aýdym-saz toparynyñ döwlet öñündäki ilkinji hasabaty üstünlikli geçip, oña «Türkmenistanyñ halk artisti» diýen belent at dakylýar. Şondan soñ Türkmen döwlet filarmoniýasy açylyp, halk saz gurallary orkestri, Döwlet hory, tansçylar, bagşylar toparlary peýda bolýar. Sahy Jepbarow tä ömrüniñ ahyryna çenli Türkmen döwlet filarmoniýasynda döredijilikli zähmet çekýär. Sahy aga halk saz döredijiligine degişli bolan aýdym-sazlary ýerine ýetirende her gezek täzeçe öwüşginler berip ýerine ýetirýär. Sahy Jepbarowyñ döreden «Şahyrym», «Altyñ biri», «Nepes sen», «Näzleriñden» ýaly aýdymlary şu günler hem milli saz döredijiligimize nur çaýýar. Oňa 1988-nji ýylda Magtymguly adyndaky döwlet baýragy berildi.
Konsertde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ uly mugallymy, Türkmenistanyñ halk artisti Akmyrat Çaryýew, Türkmenistanyñ halk artisti Amanöwez Saparow, Türkmenistanyñ at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarow, Türkmenistanyñ halk artisti Parahat Şyhymow, Türkmenistanyñ halk artisti Pälwan Hamydow ussat bagşynyñ aýdymlary barada gyzykly gürrüñleri berip, ajaýyp aýdym-sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Ussat halypanyñ ýubileý konsertine gatnaşanlar halypa-şägirtlik yolyny ösdürmekde, milli medeniýetimizi yokary derejelere ýetirmekde uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziñ janynyñ sag, ömrüniñ uzak, belent maksatlarynyñ hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Gülsoltan DÖWLETOWA