Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi


Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi



Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi.

Baýramçylyk çäresine Hökümet agzalary, Mejlisiň we Halk Maslahatynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Tomaşaçylaryň arasynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda paýtagtymyzda şanly baýramyň öňüsyrasynda geçirilen iri halkara forumlara gatnaşyjylar hem bar. Olaryň bu çärelere gatnaşmaklary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, häzirki nesilleriň pederlerimiziň ýörelgelerine, hoşniýetli goňşuçylyga, halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti “Bitarapdyr, parahatdyr illerim!” atly watançylyk mazmunly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. “Dokmaçylar” folklor toparynyň ýerine ýetiren bu çykyşy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan parahatçylyk dörediji döwletimiziň häzirki döwrüne buýsanjy artdyrdy. Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmegindäki “Dünýä dursun parahat!” aýdymyny tomaşaçylar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Konsert Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň geljegi bolan ýaşajyk türkmenistanlylaryň çykyşy bilen dowam etdi. Olar öz ajaýyp çykyşlary bilen baýramçylyk dabarasyny bezediler. “Mukam” çagalar skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde “Dost-doganlyk sazlary” ady bilen dürli ýurtlaryň nusgawy sazlarynyň utgaşykly owazy ýaňlandy. Aýdym-sazly dabaranyň maksatnamasy ýurdumyzda giňden tanalýan artistleriň, ýaş aýdymçylaryň çykyşlaryny öz içine aldy. Olaryň ýerine ýetiren çykyşlary dabara gatnaşyjylary dünýäniň yklymlaryna we ýurtlaryna özboluşly syýahata atardy. Gyrgyz, gazak, täjik, özbek, azerbaýjan, nemes, ýapon, fransuz, hindi, koreý, hytaý, iňlis, italýan, rus, ispan, türk we arap dillerinde söýgi, dostluk, dünýämiziň gözelligi barada halk hem-de häzirki zaman aýdymlaryny ýerine ýetiren aýdymçylaryň çykyşlary baýramçylygyň aýdym-sazly gutlagnamasyna öwrüldi. Kompozisiýalar dünýä ýurtlarynyň ajaýyp tebigatyny, baý däp-dessurlaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.

Halk artistleriniň ýerine ýetirmegindäki “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly çykyş konsertiň özboluşly bezegine öwrüldi. Onda biri-biriniň üstüni ýetirýän we milli äheňler bilen tapawutlanýan dürli sazlar ýaňlandy. “Meňli”, “Näzli”, “Aşgabat”, “Galkynyş” tans toparlary “Tanslar çemeni” atly çykyşy bilen baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Folklor toparlarynyň birleşen ansambly milli lybaslarda belarus, gruzin, ermeni, tatar tanslaryny ýokary derejede ýerine ýetirdiler. Belent ruha we joşguna beslenen bu ajaýyp çykyşlar sungatyň birleşdiriji güýje eýedigini görkezdi. Ussat artistleriň çykyşlarynda şöhratly pederlerimiziň arzuw eden zamanasy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşy wasp edildi. Ýaňlanan aýdym-sazlar ajaýyp tanslar bilen utgaşyp, ýerine ýetirijileriň zehinine goýlan uly hormatyň nyşany hökmünde şowhunly el çarpyşmalara beslendi.

“Serpaý” folklor tans toparynyň çykyşy bilen utgaşan “Ýar-ýar” atly halk aýdymy dabara aýratyn öwüşgin berdi. Ýerine ýetirilen ähli çykyşlar şowhunlylygy, özboluşlylygy, beýan edijilik aýratynlyklary bilen tapawutlandy. Munuň şeýle bolmagynda baýramçylyk sahnasynda häzirki zaman tehniki mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynyň hem uly ähmiýeti bardyr. Halk artistleriniň, “Meňli” we “Aşgabat” tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde paýtagtymyza bagyşlanyp döredilen “Aşgabat” atly aýdym-sazly, tansly kompozisiýa-da baýramçylyk şatlygyny belende göterdi. “Miras” folklor tans toparynyň ýerine ýetiren “Küştdepdi” tansy göwnüni joşdurdy. Ony ýerine ýetirijiler asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan belent heňli horeografik mukamyň üsti bilen milli däp-dessurlaryň many-mazmunyny açyp görkezýär. Şonuň üçin-de tansyň depgini ýokarlandygysaýy, tansçylar öz çalasyn hereketleri bilen geçmişiň, häzirki döwrüň hem-de nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşyk duýgusyny döredýärler. Şoňa görä-de, “Küştdepdi” aýdym we tans dessurynyň gadymylygy göz öňünde tutulyp, ol 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Parahatçylygyň, dostlugyň we döredijiligiň ýurduna — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana bagyşlanan “Gülle sen Bitarap Türkmenistanym!” atly aýdym baýramçylyk konsertiniň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Bu aýdymda aýdymçylar, konserte gatnaşyjylaryň hemmesi ähli ildeşlerimiziň adyndan mähriban halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrundaky tagallalary üçin döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.