TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYÇLARY ULAG ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERINI AÇÝAR
16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady. “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guraldy.
* * *
Forumyň ikinji gününiň barşynda mähriban halkymyzyň asyrlaryň dowamynda aýawly saklanan baý medeni mirasy we döredijilik däpleri barada gürrüň berýän sergi guraldy. Daşary ýurtly myhmanlara amaly-haşam sungatynyň ösüşini aýdyňlyk bilen görkezýän täsin gymmatlyklar görkezildi. El işiniň ussatlarynyň taýýarlan önümleri, has takygy, olaryň özboluşlylygy, milli öwüşginleri hem-de ýokary hili maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.