SUW SERIŞDELERINI REJELI PEÝDALANMAGYŇ WAJYP WEZIPELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY


SUW SERIŞDELERINI REJELI PEÝDALANMAGYŇ WAJYP WEZIPELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY



25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrmagyň barşynda Garagum derýasynyň hem-de beýleki akabalaryň suwuny rejeli peýdalanmak, derýanyň kadaly akymyny üpjün etmek, onuň kenarlaryny berkitmek meselelerine aýratyn üns berdi.