Arassaçylyk saglygyň girewidir
Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek her bir adamyň borjudyr we ol, esasan-da, çaga terbiýesinde uly orun eýeleýär. Her bir adam daşardan geleninden soň, nahardan öň we soň hökmany suratda ellerini sabyn bilen gowy ýuwmalydyr. Sebäbi howply keselleriň köpüsi hapa elleriň üsti bilen geçýär. Daşaryk çykylanda bolsa ýörite lukmançylyk agyz-burun örtügini dakynmaly, howpsuz araçägi saklamaly we her bir adam ýany bilen arassa agyz suwuny almaly.
Dowamly täsir edýän ýokary gyzgynlyk adam bedeninde we onuň ähli ulgamlarynda üýtgemeleriň ýüze çykmagyna getirýär. Bu bolsa köp mukdarda der bölünip çykmagyna, agyz boşlugynyň guramagyna, işdäniň peselmegine, ýadawlyga, ysgynsyzlyga getirýär. Adam derlän halatynda der bilen köp mukdarda bedene gerek bolan maddalaryň hem-de bedeniň suwuklyk ýitgisi ýüze çykýar. Suwuklyk ýitgisiniň öwezini dolmak üçin önümleriň suwuk görnüşini ulanmak zerurdyr. Tomusda içilýän içgiler diňe bir teşneligi gandyrman, eýsem, bedende suwdur duzuň, mikroelementleriň, witaminleriň gerek bolan mukdarda saklanmagyny üpjün etmäge ýardam edýär. Şeýle maksat bilen günüň dowamynda 2,5—3 litre golaý suw içmelidir. Munuň üçin arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy yzygiderli içmek maslahat berilýär. Bu bolsa bedeni suwdan doýurýar, onuň guramagynyň öňüni alýar. Mundan başga-da, adam bedeni üçin limon atylan suw, miwe şireleri, dürli ir-iýmişlerden gaýnadylan kompotlar, çaý, mineral suwlar, çal, aýran hem peýdalydyr. Çaý dürli otlar bilen garylyp demlense, onuň ähmiýeti has hem uly bolýar. Meselem, narpyz, injiriň ýapragy, ýandagyň güli, mekgejöweniň gulpagy, itburun garylan çaýlar teşneligi gandyrýar hem-de beden alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyrýar. Ýöne bu melhem çaýlaryň lukmanyň maslahaty bilen ulanylmalydygyny hem unutmaly däl.
Azyk önümleri, gap-çanak saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler arassa bolmaly. Gök önümler, miweler iýilmezinden öň gowy ýuwulmalydyr. Süýt we süýt önümleriniň saklanylyşyny ünsden düşürmeli däl.
Eger-de adam näsaglan bolsa, onda ol hökman lukmana ýüz tutmaly. Öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Bejergini diňe lukmanyň maslahaty bilen geçirip, onuň beren maslahatlaryny doly berjaý etmeli.
Arassaçylyk düzgünlerini doly berjaý etmek her bir adamyň borjudyr!
Gurbanjemal ARTYKOWA