DABARALY MASLAHAT


DABARALY MASLAHAT



Hoş habar göwünleri galkyndyrýar. “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şatlykly habar halkymyzy tüýs ýürekden begendirdi.
Şu ajaýyp waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat we sergi guraldy.
Maslahatda çykyş edenler dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygyny, häzirki wagtda hem sungatyň bu görnüşiniň halkymyz tarapyndan uly buýsanç bilen dowam etdirilýändigini nygtadylar. Şeýle-de dabaraly maslahatyň dowamynda welaýatlardan we Aşgabat şäherinden aýratyn tapawutlanan dutar ussalaryna “Çeper döredijiligiň halk ussasy” diýen adyň dakylyp, ýörite şahadatnamalaryň gowşurylmagy ýatda galyjy wakalaryň biri boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitaplarynda meşhur türkmen bagşy-sazandalary, bagşyçylyk sungaty barada giň maglumatlar berilýär.

Türkmen bagşy-sazandalary hemişe öz sungatlarynda parahatçylygy, bagtyýarlygy, ynsanperwerligi wasp edipdirler. Häzirki wagtda hem hormatly Prezidentimiz dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ösdürmäge uly ähmiýet berýär we bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigi yglan edildi. Munuň özi Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň medeniýete, sungata goýýan belent sarpasyny bütin dünýä aýan edýär.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hoş habarlaryň höwri köp bolsun.
Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň dünýä ýaýylmagy ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Ogulgurban GOŞLAKOWA