HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUSSIÝA PARLAMENTARA TOPARYNY DÖRETMEK HAKYNDA YLALAŞYGA GOL ÇEKILDI


HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUSSIÝA PARLAMENTARA TOPARYNY DÖRETMEK HAKYNDA YLALAŞYGA GOL ÇEKILDI



1-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça amala aşyrylýan saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Moskwada ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi meýilleşdirildi. Şol duşuşyklar parlamentara hyzmatdaşlygy, umuman, däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge ýardam etmelidir.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary dowam edýär.