Gün şöhlesiniň täsiri
Güneşe baý diýarymyzda tomus paslynyň jöwzaly günleri dowam edýär. Tomus — zähmet rugsatlarynyň, medeniýetli dynç alyşlaryň gyzgalaňly döwri. Hut şu nukdaýnazardan, Gün şöhlesiniň peýdasy we Gün urmasyndan goranmagyň usullary barada gürrüň bermegi makul bildik.
Gün şöhlesi, arassa howa ynsan saglygyna örän peýdaly. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň kesellere garşy goreş (immun) ulgamy pugtalanýar. Günüň ultra-melewşe şöhlesi diş we süňk dokumalaryna peýdaly bolan D witaminiň işlenip çykmagyna oňaýly täsir edýär.
Gün şöhlesiniň aşagynda uzak wagtlap durulmagy, gezilmegi, işlenilmegi bedende dürli bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirýär. Halk arasynda: «Meni Gün uraýypdyr öýdýän, kellam gaty agyrýar» diýýän adamlara duşmak bolýar. Gün urmak — bu aşa yssy günlerde Gün şöhlesiniň täsiri netijesinde kelle-beýnä zeper ýetmegidir. Howanyň gyzmagy bedeniň öte gyzmagyna, Gün şöhlesi bolsa merkezi nerw ulgamyna oňaýsyz täsir edýär. Munuň sebäbi bedende suwuň, mineral duzlaryň ýitirilmegi bilen, ýylylygy dolandyryp, kadalaşdyrýan ulgamlaryň bozulmagyna alyp barýar.
Gün uranda adamlaryň deri örtügi gyzaryp guraklaşýar we ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmasy, huşuňy ýitirmek, uka meýillilik, gulak şaňlamasy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Bedeniniň gyzgyny ýokarlanýar. Wagtynda kömek berilmese, onuň ýagdaýynyň agyrlaşmagy mümkindir.
Gün uran adamy, ilki bilen, kölege ýere geçirip, kellesini biraz ýokary galdyryp ýatyrmaly. Onuň depesinden dabanyna çenli endamyny suwa öllenen mata bilen süpürmeli we maňlaýyna, ýüreginiň üstüne öl mata goýmaly. Oňa sowujak suwdur aýran, gök çaý içirmeli we hassahana alyp gitmeli.
Her bir adam tomus paslynda gezelençlere gidende, açyk howada suwa düşende Günüň ýiti şöhlesinden goranmagy unutmaly däldir. Yssy günlerde 2 ýaşa çenli çagalara we gartaşan adamlara sagat 11:00-dan 18:00-a çenli açyk Günüň aşagynda gezmek maslahat berilmeýär. Kelläňe başgap geýmek, ýaglyk daňmak ýa-da saýawanly gezmek hökmanydyr. Günüň dowamynda ýeterlik suw içmek we gök önümleri iýmek saglyga peýdalydyr. Tomus paslynda geýilýän eşikler açyk reňkli we pagtadan dokalan bolsa, ynsan bedenine oňaýlydyr.
Gün şöhlesinden peýdalanylanda ir sagat 8:00-dan 10:00-a çenli, öýlän 18:00-dan 20:00-a çenli aralyk iň amatly wagtdyr. Adam saglygyna peýdaly bolan Gün şöhlesini ýerlikli peýdalanmagy başaralyň. Janyňyz sag bolsun, mähriban ildeşler!
Gülnabat Çaryýewa