Arkadag hem Pyragy — köňülleriň çyragy


Arkadag hem Pyragy — köňülleriň çyragy



Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze şygrynyň halkymyza gowuşmagy mynasybetli hoşallyk maslahatlarydyr duşuşyklara, dabaraly çärelere giňden orun berilýär. Olarda geljek ýyl doglan gününiň 300 ýyllyk toýy belleniljek Magtymguly Pyraga Milli Liderimiz, hormatly Prezidentimiz, tutuş halkymyz, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan belent hormat-sarpa goýulýandygy, hususan-da, söz ussadynyň beýikliginiň Gahryman Arkadagymyzyň täze şahyrana eserinde örboýuna galýandygy özbeýanyny tapýar.

Düýn paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada medeniýet we ylym-bilim toplumlarynyň bilelikde guramagynda «Arkadagyň paýhasyndan sarpaň belent, Pyragy!» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Köpöwüşginli çykyşlara beslenen dabara dynç gününde ak şäherimiz Aşgabadyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin ajaýyp sowgada öwrüldi.

Dabarada Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri Gündogaryň söz ussady bilen şahyr ýürekli Arkadagymyzy özara baglanyşdyrýan ruhy bitewülikler, dünýä möçberinde türkmen akyldaryna berilýän hemmetaraplaýyn üns, onuň edebi şahsyýetiniň ylmy taýdan öwrenilişi, ebedileşdirilişi hakda söz açýan edebi-sazly kompozisiýany ýerine ýetirdiler. Şeýle-de dabaranyň barşynda halypa ýazyjy-şahyrlar, döredijilik işgärleridir alymlar, zehinli ýaşlar Magtymgula düşünmekde, şahyryň sarpasyny belentde tutmak-da görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze şahyrana eseriniň edebiýatymyzda egsilmez gymmata eýedigi, akyldar şahyryň eserleriniň terbiýeçilik, dogry ýol görkezijilik ähmiýeti barada buýsançly gürrüň etdiler.

Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen, şeýle-de ata Watanymyzy, şanly Garaşsyzlygymyzy, täze taryhy eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowan etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän taryhy tutumlaryny wasp edýän aýdymlaryň belentden ýaňlanmagy dabaranyň joşgunyny has-da artdyrdy.

Paýtagtymyzdaky Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň we «Garagum» žurnalynyň redaksiýalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen «Gahryman Arkadagyň ylhamynda Pyragy» atly döredijilik duşuşygy örän işjeň häsiýete eýe boldy. Oňa halypa ýazyjy-şahyrlar, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalarynyň, teleradioýaýlymlaryň, kitaphanalarynyň işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Duşuşykda, ilki bilen, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa ähli döredijilik işgärlerini şahyr ýürekli Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şahyrana eseriniň halkymyza gowuşmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Milli Liderimiziň akyldar şahyrymyza şygyr bilen ýüzlenen köňül kelamyna seslenip döreden ajaýyp goşgularyny okap berdi. Halypa şahyrlardan Orazguly Annaýewiň, Döwletgeldi Annamyradowyň, ýaşlardan Nowruz Güýjowyň, Isa Hojamerdanowyň, Kerimberdi Hakberdiýewiň çykyşlarynda, okap beren goşgularynda döwrümiziň ýokary döredijilik ruhy şöhlelendi. Ussat radioalypbaryjy Setdar Abdyýew hormatly Arkadagymyzyň mähir hem söýgi, akyl-paýhas siňdirip döredýän her bir eseriniň giň okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanýandygyny, olaryň milli radioýaýlymlar tarapyndan hem diňleýjilere gyzgyny bilen ýetirilýändigini, täze goşgynyň Magtymguly Pyragynyň türkmen hem umumadamzat edebiýatyndaky mynasyp ornuny, şahyryň döredijilik gymmatlygyny açyp görkezmekde ýokary many-mazmuna eýedigini belledi.

Soňra Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň zehinli talyplary dutar-gyjakda söz ussadynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlary ýerine ýetirip, duşuşyga gatnaşanlara ruhy lezzet paýladylar.