Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy



2-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary boldy.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bakuwyň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe wagtdan soň, döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.

Umuman, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Bakuwda Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmagy milli bähbitleri we ählumumy ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hyzmatdaşlygyň netijeli, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän usullaryny kesgitlemäge umumy çemeleşmeleri kemala getirmek işinde ýurdumyzyň işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.