DOSTLUK MUKAMLARY ÝAŇLANANDA
Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hor toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly dabarasy geçirildi. Dabarada hor toparlary halk heňlerini we aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.
Dostluk mukamlarynyň dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet hory hormeýster Perman Miriýewiň dirižýorlyk etmeginde «Ýarowjan» aýdymyny, gazaklaryň «Kamažaý», «Karatorgaý», gyrgyzlaryň «Komuzçy», «Süýgönem çyksa bolboýlu», täjikleriň «Muhabbat», özbekleriň «Nomanganing olmasi», «Kylpyllama» aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet horunyň baş ýolbaşçysy Haýdar Eminowyň dirižýorlyk etmeginde «Dutaryň owazy» aýdymy ýerine ýetirildi.
Dabara gatnaşyjylar Gazagystan Respublikasynyň «Astana opera» döwlet opera we balet teatrynyň kamera hor toparynyň baş hormeýsteri Ýeržan Dawutowyň gutlag sözlerini diň¬lediler hem-de şol teatryň kamera hor toparynyň çykyşyna tomaşa etdiler. Ýeržan Dawutow şeýle çäreleriň geljekde ýygy-ýygydan guraljakdygyna umyt edýändigini aýtdy. Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet kamera hor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Ata meken» hem-de «Aýkol Manas» gyrgyz aýdymlary ýaňlandy.
Täjigistan Respublikasynyň Sadriddin Aýni adyndaky döwlet akademiki opera we balet teatrynyň hor toparynyň baş hormeýsteri Ýelena Tillaýewa hor toparynyň alyp barýan işleri hakynda giňişleýin gürrüň berdi hem-de hemmelere döredijilik ylhamyny arzuw etdi. Täjigistanyň hor topary «Noýnoý» türkmen halk aýdymyny ýerine ýetirdi.
Kari Ýakubow adyndaky Özbek döwlet filarmoniýasynyň hor toparynyň baş hormeýsteri Gülnora Malikowa hem gutlag sözleri bilen çykyş etdi. Ol hor toparynyň döreýşi hakynda-da gürrüň berdi. Özbek döwlet filarmoniýasynyň hor topary «Nar agajyny» hem-de özbek halk aýdymyny ýerine ýetirdi.
Dabara gatnaşyjylar medeniýetimiziň, sungatymyzyň uly ösüşlere beslenmegi ugrunda tutumly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».