TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

18-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Döwlet Baştutanlary okgunly, sazlaşykly häsiýete eýe bolan hem-de häzirki döwrüň wakalaryny, sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak bilen, ynanyşmak we birek-biregi hormatlamak nukdaýnazaryndan guralýan strategik türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Telefon söhbetdeşligi özbek tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.