Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda täze binalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy
28-nji oktýabrda paýtagtymyzda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň hem-de «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy.
Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ýol-ulag düzüminiň täze desgalar toplumynyň ýerleşýän ýerine geldi.
Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.
Hemmeler milli Liderimizi ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Sungat işgärleri we döredijilik toparlary aýdym-saz, tansly çykyşlary uly joşgun bilen ýerine ýetirip, öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen toý bagyny kesip, düzümleýin desgalar toplumyny açýar. Şol pursatda asmana dürli reňkli howa şarlary uçurylýar.
Milli Liderimiz awtoulagyna münüp, ulanmaga berlen tonnelden geçdi, soňra merkezinde «Mahabat» binasy oturdylan aýlawly çatrykdan aýlanyp, paýtagtymyzyň uly ýollarynyň ikisiniň täzelenen ugry boýunça hereketiň açylmagyna badalga berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz pyýada S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşen, Aşgabadyň myhmanhanalarynyň üstüni ýetiren täze «Diwan» myhmanhanasyna tarap ugrady. Hormatly Prezidentimiz ýol ugruna şäheriň bu künjeginiň ýagdaýyna we abadanlaşdyrylmagyna üns berdi. Bu ýerde soňky ýyllarda ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň aýrylmaz bölegine öwrülen döwrebap binalaryň toplumy kemala geldi.
Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. Döredijilik toparlary dürli öwüşginli aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirýärler.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary hem-de tutuş halkymyzy täze binalaryň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglygyny, abadan we bagtyýar durmuşy arzuw etdi.
Dabaraly pursat gelip ýetýär. Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmagy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesýär we şol pursat asmana dürli reňkli şarlar uçurylýar.
Şeýle hem bu ýerde, myhmanhanada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdüriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz şu günki wakalar mynasybetli Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Milli Liderimiz bu ýerde kaşaň myhmanhananyň gurluşygyny amala aşyran Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjaga ýerine ýetiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa özüniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy işiniň on ikinji jildini sowgat gowşurdy.
Işewür sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watanynda durmuşa geçirilýän özgertmelere gatnaşmagy özi üçin belent mertebe hasaplaýandygyny aýdyp, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden «Oguzhan» köşkler toplumyna tarap ugrady.
Bir söz bilen aýdylanda, şu gün Aşgabatda guralan dabaralar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigini tassyklap, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen girdi. Eziz Diýarymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen halkynyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde ulanylmaga berlen täze binalar berkarar Watanymyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.