Türkmenistan ählumumy çökgünligi ýeňip geçmekde raýdaşlyk hereketleriniň strategiýasyny öňe sürýär


Türkmenistan ählumumy çökgünligi ýeňip geçmekde raýdaşlyk hereketleriniň strategiýasyny öňe sürýär



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň yokary derejedaki duşuşygyna gatnaşdy

4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy.
Onuň gün tertibine häzirki döwürde tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin täze, çynlakaý wehime öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak meseleleri girizildi.
Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk esaslaryna daýanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli amala aşyrýan Türkmenistan sebitleýin we ählumumy möçberde abadançylyk maksatlaryna laýyk gelýän giň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarnyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.