Ilik


Ilik



«Edebiýat we sungat» gazeti okyjylara ýetirýän iňlis tymsaly.

Ir döwürlerde bir täjir ýaşapdyr. Ol ömrüniň dowamynda ýalan sözlemekdenem, gabady gelse kezzaplyk etmekdenem gaýtmandyr. Ömri paýawlaberende bolsa toba gelmegi ýüregine düwýär. Şeýdip ol mümkinçilik bolan ýerinde illere ýagşylyk, hemaýat edip ugraýar. Bar azabynyň ýele sowrulmazlygynyň aladasynda bolan täjir eden ýagşylygy barada gabat gelen ýerde gürrüň edýär. Şonuň üçinem ol ýagşy işleri näçe etse-de, kalbynda ýeňillik duýmandyr. Bir günem ol ýol bilen barýarka bir garryja adamyň iliginiň gopup, ýere gaçanyny görýär. Täjir öz ýanyndan: «Aý, ilikdir-dä, onuň gaçanyny-gaçmanynam bilesi ýok» diýip pikir edipdir. Ýöne her niçigem bolsa, hyk-çoklap, iligi ýerden galdyrypdyr-da, gojanyň yzyndan ýetip, oňa beripdir. Berşi ýalam eden işini unudypdyr.

Wagty-peýmanasy dolup, täjir dünýäsini täzeleýär. Ony bu dünýäde eden ýagşylyk-ýamanlygynyň agramy ölçenýän tereziniň öňünde oturdýarlar. Tereziniň ýamanlyklar goýulýan çep tarapynyň münder bolup, sagdakysynyň bolsa boş durandygyny gören täjiriň gözlerine ýaş aýlanýar. Şol wagtam perişdeler bir kiçijik zady getirip tereziniň sag tarapynda goýýarlar. Sag tarap bada-bat aşak gaýdýar. Bu ýagdaýa haýran galan täjir beýle agramly zadyň nämedigini görmek üçin tereziniň golaýyna barýar. Ol äpet tereziniň üstünde ýatan kiçijik iligi derrew tanaýar.

— Şojagaz kiçijik ilik meniň ähli eden günälerimden üstün çykaýdymy? — diýip, täjir geň galyp soraýar. — Men şunça ýagşylyklar etdim ahyryn, hany, olary näme etdiňiz?

— Ýagşylygy kimdir biriniň ýanynda magtanmak üçin däl-de, Ýaradanyň hakyna, kalbyňy tämizlemek üçin etmeli — diýip, perişde jogap berýär. — Eden işiňi diliňe çolap ýörmek ýagşylygyň güýjüni gaçyrýar. Ysgynyny alýar. Sen bolsaň ähli ýagşylyklaryňy göz üçin etdiň. Onsoň bu terezä goýlanda, olaryň agramy-da bolanok, göze-de görnenok. Bujagaz iligi ýerden galdyryp, bir bendä eden ýagşylygyňy bolsa sen şobada ýadyňdan çykardyň. Hiç hili tamakinçiliksiz eden şojagaz ýagşylygyňam seni halas etdi.

Nagma APBAÝEWA