Beýik Ýeňişiň 75 ýyllygy mynasybetli ajaýyp dabara


Beýik Ýeňişiň 75 ýyllygy mynasybetli ajaýyp dabara



Beýik ýeňişiň 75 ýyllygy mynasybetli şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dürli dabaralar ýaýbaňlanýar. Halklaryň umyt-arzuwlary, olaryň Beýik Ýeňşiň hatyrasyna çeken edermenlikli zähmeti netijesinde öz beýanyny tapan bu nurana baýramçylyk, hormatly Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler biziň gaýduwsyz ildeşlerimize 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyza çäksiz minnetdarlygymyzyň, olara bildirilen sarpanyň aýdyň beýanydyr. Şol gazaply uruşdan bäri köp ýyllar geçse-de, türkmen halky urşa giden gaýduwsyz ata-babalarymyzyň gahrymançylygyny, tylda galanlaryň zähmet edermenligini we maşgala ojaklaryny goran zenanlarymyzy, enelerimizi hemişe hatyralaýar. Olaryň durmuşy häzirki nesiller üçin gaýduwsyzlygyň mekdebine öwrüldi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen dabara hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli şeýle hem Beýik ýeňişiň 75 ýyllygyna bagyşlandy. Dabarada konserwatoriýanyň simfoniki orkestri özüniň ajaýyp çykyşlaryny görkezdiler.
Ajaýyp konsert konserwatoriýanyň halypa mugallymlary we talyplary bilen bir wagtyň özünde sanly ulgam arkaly online görnüşinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň we Türkmenistanyň döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp ýaşlary üçin hem görkezildi.
Ýerine ýetirilen eserleriň içinden baky Bitaraplygymyzy, Beýik Ýeňişi we Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän belent işlerini wasp edýän aýdym-sazlar, simfoniki orkestryň, hor toparynyň, Azat Bazarowyň ýerine ýetirmeginde Mälikguly Berdimuhammedowyň sözlerine, talyp kompozitor Baýrammyrat Tagandurdyýewiň döreden «Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar» diýen aýdymy diňleýjiler üçin has-da täsirli boldy.
Dabara gatnaşyjylar konsertiň ahyrynda hormatly Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerine sagbolsunlaryny aýtdylar.