HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GAZAK TOPARYNYŇ MEJLISI
20-nji dekabrda paýtagtymyzda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen hökümetara toparyň gazak tarapyndan başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň duşuşygy boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy,
söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň giň gerimli hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.