Merdana halkymyzyň goragçylary


Merdana halkymyzyň goragçylary

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Arkadag şäher Kazyýeti bilen bilelikde gurnamagynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Merdana halkymyzyň goragçylary» ady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda deňsiz – taýsyz üstünlikler gazanyldy we giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Bu baýram eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, öz ygtyýarlylygyny, çäk bütewiligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzyň hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamy belent sarpany hem-de olar hakynda edilýän çuňňur aladany giňden dabaralandyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Arkadag şäher Kazyýetiniň, Arkadag şäher Prokuraturasy hemde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň işgärleri öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.