Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy


Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy



12-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk ge¬ňeşiniň (Türki ge¬ňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
...Hormatly Prezidentimiziň uçary Stambulyň “Atatürk” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy. Ýokary derejeli myhmanyň gelmegi mynasybetli uçaryň ýanyndan düşelen haly ýodajygyň iki tarapynda-da Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Howa menzilinde türkmen Liderini türk tarapynyň resmi adamlary garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Stambul şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.