Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Seýed Ebrahim Raisiniň arasyndaky gepleşikler
15-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapar bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goňşy döwletiň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi. Olaryň gün tertibine tagallalary birleşdirmegiň täze mümkinçiliklerini açýan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, sebitara we halkara syýasatyň möhüm meseleleri girizildi.
...Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni sapar mahalynda bolýan “Serwestan” binasyndan “Saadabad” toplumynyň “Jumhuri” köşgüne tarap ugrady. Köşgüň öňündäki meýdançada belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Seýed Ebrahim Raisi birek-birek bilen doganlarça görüşdiler.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz myhmansöýer eýran topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Yslam Şurasynyň Başlygyny we EYR-nyň parlamentiniň agzalaryny özlerine amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni “Mehrabad” Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe wagtdan soňra döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Tutuşlygyna alnanda, hormatly Prezidentimiziň nobatdaky resmi sapary uzak möhleti nazarlaýan döwletara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary öz içine alýandygyny hem-de iki döwletiň milli bähbitlerine kybap gelýändigini görkezdi. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, durnukly ösüşiň rowaçlanmagyna, iki ýurduň we sebitiň halklarynyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär. Ýokary derejede geçirilen nobatdaky duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar ileri tutulýan ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar.