Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy


Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy



2-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu iş sapary ýakynda hormatly Prezidentimiz Serd-ar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren¬ Hökümet mejlisinde şu ýylyň ahyrynda guraljak ýaşlaryň dabaraly maslahatyna we sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp guraldy.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna bardy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde şu ýylyň ahyrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ýaşlar forumyny üstünlikli guramak boýunça öwüt-nesihatlaryny we tabşyryklaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ýaşlarynyň şu ýylyň dowamynda dürli ugurlar boýunça gazanan üstünliklerini beýan edýän Ýaşlar forumynyň açylyş dabarasynyň unudylmajak pursatlara beslenmelidigine hem-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp jemlenmesine öwrülmelidigine ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýerler N.Amannepesow hem-de B.Atdaýew, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň ahyrynda geçiriljek ýaşlaryň dabaraly maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurtda ýaşlar syýasaty babatda alnyp barylýan giň gerimli we maksatnamalaýyn işleriň sergide öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri guraljak serginiň milli we döwrebap äheňde bolmalydygyny, hususan-da, onda bezeg we dizaýn işlerine, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

— Şeýle hem sergide sanly tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, sanly ykdysadyýeti netijeli dolandyrmagy başarýan ýaş hünärmenleriň işläp taýýarlamalary şöhlelendirilmelidir — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakynda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň hem uly ähmiýete eýe bolandygyny belledi we bu ugurda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sergide türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine hem-de däp-dessurlaryna gadyr goýmagy başarýan, maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýýan, kämil, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň şöhlelendirilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy sergide, hususan-da, ýaş telekeçileriň ýeten belent sepgitleriniň mynasyp şöhlelendirilmelidigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheridigini aýdyp, ýaşlaryň döwletiň beýik geljegi, şu günki daýanjydygyny aýratyn belledi. Ýurduň ilkinji "akylly" şäherinde döwrebap durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berlendigini aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa degişli tabşyryklary berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaşlar forumyna bagyşlanyp guraljak ulgamlaýyn sorag-jogap maslahaty babatda özüniň öwüt-ündewlerini we maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaşlar forumyna bagyşlanyp geçiriljek ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.