TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY “AWAZA” MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI


TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY “AWAZA” MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI



24-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Milli Geňeşiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, Hazaryň özboluşly tebigy şertlerini syýahatçylygyň ösdürilmegine gönükdirmek we türkmen topragynyň bu täsin künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi we Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparyny tamamlap, bu ýerden paýtagtymyza ugrady.