Jebel gowagy X-IV müňýyllyklar


Jebel gowagy X-IV müňýyllyklar



Jebel gowagy –ady bilen belli bolan bu taryhy ýadygärlik, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinden 4 km gündogarda, Uly Balkan dagynyň beýik gerşiniň günbatarlygyna öňe süsňäp duran böleginde ýerleşýär. Ýerli ilat tarapyndan dagyň bu bölegi “Şahly burun” diýlip atlandyrylýar. “Jebel gowagy” (“Jebel” sözi arapça dag diýmegi aňladýar) taryhy-medeni ýadygärliginde ilkinji gezek 1947-nji ýylda ÝuTAKE-niň IX toparyna ýolbaşçylyk eden A.P. Okladnikow tarapyndan şwrenilipdir.
Alymlaryň çaklamaklaryna görä, ýadygärlik gadymy daş (paleolit) eýýamynyň mezolit döwrüne (12-10 müňýyllyklar) degişli hasap edilýär. Başgaça ylymda bu döwüre orta daş asyry diýlip hem atlandyrylýar. Şol zamanlarda buzluk döwri-pleýstosen tamamlanyp, günorta-gündogar Hazarýakalarynda yssy-gurak klimat agdyklyk edip ugraýar. Öňki awlanýan haýwanlar şeýle hem ösümlikler köpçülikleýin ýok bolýar. Adamlar bu döwürde aw awlamak üçin ok-ýaý ýasamagy, aw itlerini we şol zamanlarda ýabany bolan haýwanlary (geçi, goýun) eldekileşdirmegi öwrenipdirler.
Gowagyň agzynyň giňligi-9 m, daşyndan beýikligi 10 m bolup, ol uzynlygyna 7,5 m ýetip, soň iki şaha bölünýär hem-de şol çatryga çenli 4 m daralýar. Şahalaryň biri–4 m beýlekisi bolsa 1,2 me çenli gowagyň diwarynyň çuňlugyna gidýär. Diwarlaryň ýüzünden hek daşynyň owuntyklarynyň syrygan görnüşleriniň saklanan ýerleri bar. Olar gadymyýetde şol ýerlerden suw damjalarynyň akanlygyny aňladýar. Häzirki wagtda bu ýerde hiç-hili suw ýok. Girelgäniň daş ýüzünde uly we ýasy daşlar bar. Öň olar gowagyň agzynyň ýokarsyndan öňe çykyp durup soň wagtyň geçmegi bilen aşak ýere gaçan bolmaly. Gowagyň pol-düşegi girelgeden başlap kem-kemden düýbe tarap beýgelip gidýär.
“Jebel gowagy” taryhy-medeni ýadygärliginde alymlar tarapyndan üç sany çuň bolmadyk arheologiýa barlag çukury (şurf) gazylyp görlüpdir. Şurflaryň ölçegleri 0,5x0,5 m. Gowagyň düýbünden başlap, girelgä ýakyn ýere çenli ýuka kül gatlagy tutýan ekeni. Bu gatlak ýokardan syrygan suwuk hek bilen garyşyp sement-beton ýaly berklige eýe bolupdyr. Gowagyň düýbünde gazylan 1-nji şurfda ýaňky gatlagyň astynda 30-40 sm çuňlukda bütinleý gury kül we kömür owuntyklarynyň arasyndan pyçak şekilli ýasy daş guraly tapylypdyr.
2-nji şurfda 40 sm çuňlukdan gazawaç görnüşli daşdan ýasalan gural hem-de owunjak süňkler ýüze çykarylypdyr.
3-nji şurfda 25 sm çuňlukda pyşbaganyň süňkünden döwükler ele salnypdyr. Olaryň gyralary kesilip, oýulyp bezelipdir.
Mezolit döwrüniň maddy tapyndylarynyň tapdyrýan ýadygärlikleriniň biri-de Jebel gowakdyr.