Tomusda iýmiti nähili saklamaly?
Yssy howada iýmitiň zaýalanmak ähtimallygy ýokarlanýar. Şoňa görä,
ýaz-tomus pasyllarynda azyk önümlerini, ylaýta-da çalt zaýalanýan önümleri saklamagyň düzgünlerini berjaý etmäge has ätiýaçly çemeleşmeli. Süýt, et,
ýumurtga, balyk, süýji kökeler we kremli konditer, ter hem-de gaýnadylan
gök-bakja önümleri we miweler, sykylyp alnan miwe şireleri, ýarym taýýar
tagamlar çalt zaýalanýan iýmit önümlerine degişlidir. Olaryň saklanylyşynda
bildirilýän talaplary berjaý etmek hökmandyr. Bu önümleri sowadyjyda belli bir temperaturada saklamaly. Satuwa çykarylýan önümleri saklamagyň düz-günleri
baradaky maglumatlar, olaryň etiketkasynda görkezilýär. Diňe bir satyn alnan önümleri däl-de, eýsem, şahsy bag-bakjada ösdürilip ýetişdirilen erik, gawun,
garpyz, käşir, şugundyr, ýertudana ýaly miwelerdir gök we bakja, öýde mesge we krem goşulyp taýýarlanan konditer önümlerini hem sowadyjyda saklamak
hökmandyr.
Iýmit önümleri sowadyjyda ýerleşdirilende «Harytlaryň saklanyşyndaky goňşara düzgünleri» berjaý etmek möhümdir. Bu düzgünlere laýyklykda,
sowadyjynyň tekjelerini her önüm üçin aýratynlykda ulanmaly. Meselem, eger süýt we süýt önümleri sowadyjynyň bir tekjesinde ýerleşdirilen bolsa, onda gök we bakja önümleri üçin beýleki bir tekje ulanylmalydyr. Şöhlat önümleri hem aýratyn bir tekjede ýerleşdirilýär. Azyk önümlerini sowadyjyda agzy ýa-pylan aýratyn gaplarda ýerleşdirmeli. Miwe şirelerini, süýt we süýt önümlerini gapagy jebis
ýapylan aýna gaplarda saklamaly. Beýleki önümleri ýörite nyşan bilen belgile-nen gapakly polimer, demir, aýna gaplarda saklamak maslahat berilýär. Ýu-murtgalaryň daş görnüşine, döwlüp-döwülmändigine üns bermeli. Daşy hapa-lananlaryny akar suwuň aşagynda, ýörite çotganyň kömegi bilen ýuwmaly we oňat guraýança arassa hasa bilen süpürmeli. Soňra olary sowadyjynyň ýörite gutularynda ýerleşdirmeli.
Eti, balygy we deňiz önümlerini saklamak üçin sowadyjy enjamyň
doňduryjy bölümini ulanmaly. Zaýalanan önümler ulanylanda iýmit bilen
zäherlenmäniň ýüze çykýandygy mälimdir. Zäherlenme alamatlary iýmit kabul edilenden soň 2-6 sagatdan 1-2 güne çenli aralykda peýda bolýar. Ejir çeken
ysgyndan gaçýar, üsgürýär, ýüregi bulanýar, bedeniniň temperaturasy ýokar-lanýar, içi geçýär. Derisiniň reňki solýar. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda, ilkinji nobatda, «Tiz kömege» jaň etmeli ýa-da maşgala lukmanyny çagyrmaly.
MASLAHATLAR
Daşardan geleniňde, aşhanada nahar taýýarlamaga girişmezden öň, naharlanjak wagtyň elleriňi sabynlap ýuwmaly. Bu düzgüni çagalara-da öwretmeli.
Azyk önümleriniň belgileniş nyşanyna üns bermeli.
Iýmit önümlerini diňe azyk önümleriniň söwdasy rugsat edilen dükanlardan we beýleki söwda nokatlaryndan satyn almaly.
Çalt zaýalanýan önümleri maşgalanyň 2-3 günüň dowamynda iýip biljek mukdarynda satyn almaly.
Aşhanany we gap-gaçlary arassa saklamaly.
Iýmit taýýarlamagyň düzgünlerini dogry berjaý etmeli.
Azyk önümleriniň ýaramlylyk möhletine üns bermeli. Gaby açylandan soň, önümiň ýaramlylyk möhletiniň gysgalýandygyny ýatda saklamaly.
Maýagül Garajaýewa