Milli medeniýetimiz umumadamzat gymmatlygydyr
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde milli mirasymyz umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülýär. Türkmenistan milli mirasymyzyň umumadamzat derejesini beýgeltmek ugrunda alyp barýan syýasatynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge uly üns berýär.
2022-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi» atly maslahaty geçirildi. Bagşyçylyk sungaty hem edil beýleki sungatlarymyz ýaly bagşydan-bagşa, toýdan-toýa, nesillerden-nesillere geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Türkmen bagşysynyň her bir ýerine ýetirýän sazynda milli saz sungatymyzyň aýratyn häsiýetli taraplary, türkmen halkynyň bütin pelsepesi, ruhy beýikligi, pähim-paýhasy, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgesi türkmen mukamynyň içinden eriş-argaç geçýär. Asyrlaryň dowamyndan bäri dutar, türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, ol türkmen aýdym-sazynyň esasy žanrlarynyň ählisinde ulanylýandyr.
Maslahatyň çäginde dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny wasp edýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi görkezildi. Sergidäki Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň nakgaşlyk, heýkel, haly, gobelen, zergärçilik we külalçylyk eserleri türkmen halkynyň döreden özboluşly, gaýtalanmajak milli mirasynyň gymmatlyklaryny şöhlelendirýär. Türkmen aýdym-sazlary halkymyzyň dünýägaraýşyny, tebigata bolan gatnaşygyny, aýdym we saz sungatyny utgaşdyrmagyň üsti bilen aňlatmagyň döredijilik usulydyr. Nakgaşlyk we heýkeltaraşlyk işlerinde Şükür bagşy, Gurt Ýakup, Çuwal bagşy ýaly belli türkmen bagşy-sazandalarynyň keşbi şekillendirilip, tomaşaçyda türkmen halk aýdymlaryna, olary ussatlyk bilen ýerine ýetiren bagşylara çuňňur guwanç we buýsanç duýgusyny oýarýar.
Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi dünýä bileleşigi tarapyndan türkmen halkynyň milli medeniýetiniň umumadamzat mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Jeren BALTAÝEWA