Saglyk kadalaryny berjaý edeliň!


Saglyk kadalaryny berjaý edeliň!



Kesellemegiň öňüni almak üçin agyz-burun örtüklerini dakyp çykmak zerurdyr. Agyz-burun örtüginiň ýokarsyndaky simli zolagy burnuň üstünde gysdyrmaly. Onuň aşaky bölegi bolsa eňegi doly ýapmalydyr. Bir gezeklik agyz- burun örtügi iki sagatdan artyk ulanmak bolmaýar. Eger örtük çyg çeken bolsa, onda ony hökman çalyşmalydyr. Ulanylan agyz-burun örtügini gulaga ildirilýän halkasyndan tutup mümkin bolsa sellofan haltajygyna salyp, soňra zibile zyňmalyda, eliňi sabynlap ýuwmaly. Ýanyňyz bilen ätiýaçlyk agyz-burun örtügini, zyýansyzlandyryş serişdesini hem-de çygly süpürgiji göteriň! Asgyranyňyzdan, üsgüreniňizden soň, agyz-burun örtügini hökman çalyşmagy unutmaň!
Arassaçylyk düzgünlerini hem-de gün tertibini dogry berjaý etmek hem keseliň öňüni almaga oňyn täsirini ýetirýär. Öý-içerini, iş otagyny günde tämizlemek, arassa howa girer ýaly ýelejiretmek, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, rahat uky, peýdaly önümleri iýmek, sport bilen meşgullanmak adamyň kesele garşy goranyjylyk ukybyny ýokarlandyrýar. Wagtly-wagtynda ýuwnup, eşikleriňi ütükläp geýmek, her maşgala agzasynyň özüne degişli süpürgiçdir şahsy serişdeleriniň bolmagy hökmandyr. Eliňi wagtal-wagtal ýyly suwa sabynlap ýuwmaly.
Mümkin boldugyça köpçülige çykmakdan saklanmaly. Eger ýola çykan bolsaňyz, onda hökman agyz-burun örtügini dakynmaly we 2 metr howpsuz aralygy saklamaly. Şeýle-de howanyň sowuklygyny göz öňünde tutup, pasla görä geýinmeli. Ene-mamalarymyz hem bize çagalykdan «Aýagyňy, başyňy ýyly saklamaly» diýip ündäp gelýärler. Sowukda başyňyz açyk, aýagyň, egniň ýuka çykmakdan saklanyň! Gyşyň şu günki sowuk günlerinde ýyly geýnip, özüňizi hem-de ýakynlaryňyzy sowuklamadan, dümewden goraň!