DÖREDIJILIK GEZELENJI


DÖREDIJILIK GEZELENJI



Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy bagtyýar halkymyzyň ebedi döwletliliginiň hem-de özygtyýarlylygynyň şan-şöhratly täze taryhy senesidir. Ýurt özbaşdaklygymyzyň ýyllary içinde Garaşsyz Diýarymyzyň dünýä derejeli gülläp ösüşleri bagtyýarlyk döwrümizde bütin dünýäni haýran galdyrýar. Şeýle täsinlikler bolsa ak mermere beslenen ak şäherimiz Aşgabady tutuşlygyna gurşap aldy. Garaşsyzlygyň beren bagtyna guwanmak, oňa öz şahyrana hem buýsançly sözlerini, şirin mukamlaryny bagyş etmek duýgusy ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň köňül hem ylham güzerini joşa getirýär. Şeýle ajaýyp maksatdan ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda döredijilik gezelenji geçirildi we gözel Aşgabadymyzyň ajaýyp ýerlerinde şirin gazallar okaldy, süýji labyzly aýdymlar aýdyldy. Berkarar döwletimiziň täji deý nur saçýan Garaşsyzlyk binasy olaryň ylham guşuny al-asmanda pelpelletdi. Çünki bu ýerdäki belli taryhy şahsyýetlerimiziň heýkelleriniň her biri erkinligiň belent nusgasydyr. Bu medeni-köpçülikleýin çärä Garaşsyz Diýarymyzyň medeniýet we sungat işgär-leri — ýurdumyzda belli artistler, žurnalistler, ýazyjydyr şahyrlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Döwlet berkararlygymyzyň mizemez binýadyny bakylyga öwüren Arkadag Prezidentimiziň bitiren beýik işleri, gurduran medeni-durmuş maksatly we dürli ugurlara degişli täsin we ajaýyp binalarydyr desgalary Bitarap Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny jümle-jahana ýaýýar. Garaşsyzlygymyzyň şanly toýly günlerinde ýörite gezelenç edip, Watan zynaty bolan döwrebap we nusgalyk binalary ýakyndan synlan ýurdumyzyň medeniýet we döredijilik işgärleri Arkadag Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerine köňül buýsanjyny we çuňňur hoşallygyny bildirdiler.