ARŞYŇ NEPISLIGI — TÜRKMEN HALYSY


ARŞYŇ NEPISLIGI — TÜRKMEN HALYSY



29-njy maýda ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli birnäçe çäreler guraldy. Halkymyzyň ajaýyp milli sungatynyň ykrar edilmeginiň we oňa hormat goýmagyň nyşany hökmünde geçirilýän bu baýram zehinli halyçylaryň zähmetine berilýän ýokary bahadyr. Ussat halyçylar özleriniň yhlasly zähmeti bilen ajaýyp halylary döredýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu baýram amaly-haşam sungatynyň milli görnüşleriniň we halkymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň goralyp saklanýandygyny, geljek nesillere ýetirilýändigini alamatlandyrýar.
Milli halyçylyk sungatynda türkmen halkynyň maksada okgunlylyk, ruhubelentlik ýaly häsiýetleri jemlenýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryndaky haly gölleri türkmen halkynyň agzybirligini, bitewüligini, milletimiziň paýhasyny we ajaýyplyga bolan yhlasyny hem-de özboluşly sazlaşygyny äşgär edýär.
Baýramçylyk mynasybetli guralan esasy çäreler paýtagtymyzda boldy. Bu ýerde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХII mejlisi geçirildi, ol “Arşyň nepisligi — türkmen halysy” diýlip atlandyryldy. Ýurdumyzyň söwda toplumynda sergi guraldy we sungat eseri bolan ajaýyp halylary dokaýan ussat halyçylary sylaglamak dabarasy boldy.