BERKARAR ÝURDUŇ PAÝTAGTY TOÝ RUHUNDA


BERKARAR ÝURDUŇ PAÝTAGTY TOÝ RUHUNDA



Garaşsyzlyk — biziň bagt hakyndaky soňlanmajak aýdymymyz. Ol diňe bir bagtyýar günleriň şirin owazy bolman, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy gursagynda göteren köňül aýdymy, döwletlilik mukamydyr. Şoňa görä-de, türkmen halky baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň tutumyny uludan tutýar, ýatdan çykmajak ýakymly wakalara besleýär. Saçagyny-da göwni ýaly giňden açýan halkymyzyň toý şowhuny, şatlygy bu gün bütin dünýä ýaň salýar.
Beýik Garaşsyzlygymyzyň şöhratly senesini belentden dabaralandyrmak maksady bilen, Diýarymyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri göwünlere ganat, kalplara ylham berýär. Biz şanly baýramyň öňüsyrasynda Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň toý keşbine gözellik goşýan baýramçylyk bezegleriniň aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, Aşgabat şäher häkimliginiň Arhitektura we şäher gurluşygy baş müdirliginiň hünärmeni Merdan Esenowa ýüz tutanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:
— Garaşsyzlyk türkmen halkynyň, türkmen döwletiniň bahasyny hiç zat bilen deňäp bolmajak gymmatlygydyr. Garaşsyzlyk — Watanymyzyň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýady. Ýene sanlyja günden ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny baýram ederis. Şoňa görä-de, bereketli güýz paslynyň ilkinji günlerinden bu şanly senäniň şatlygyny artdyrmak maksady bilen, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabat hem baýramçylyk gutlagly ýazgylar, dürli şekillerdir yşyklar bilen bezeldi. Olar, esasan, şäheriň edara binalarynyň töwereklerinde ýerleşdirilip, ýörite lazer öwüşginlerine beslenýär. Baýramçylyk gutlaglary bolsa binalardyr desgalaryň reňk sazlaşygy bilen utgaşyp, «Türkmenistana 30 ýyl», «Garaşsyzlygyň 30 ýyly» ýaly baýramçylyk ýazgylary paýtagtymyzyň şaýollarydyr köçelerine özboluşly öwüşgin çaýýar.
Ak mermerli binalara bezeg berýän LED çyralaryň, dürli reňklerde ýalkym saçýan ýazgylaryň üstüniň baýramçylyk bezegleri bilen baýlaşdyrylmagy ildeşlerimiziň toý şatlygyna şatlyk goşup, mähriban Watanymyza, ak mermerli Aşgabadymyza bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesini mynasyp zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan halkymyz ösüşleriň bedew bady bilen öňe barýar. Goý, Diýarymyzda giň gerimli özgertmeleriň başyny başlap, halkymyza eşretli durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Şamyrat Muhammetgurbanow