WATANSÖÝERLIGIŇ BEÝIK NUSGASY


WATANSÖÝERLIGIŇ BEÝIK NUSGASY



Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda parahat we abadan durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyz Täze ýyl baýramyny hoşniýetli arzuwlar bilen agzybirlikde garşylady. Bedew batly öňe barýan döwletli diýarymyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda Täze ýyl baýramynyň dabarasy uludan tutuldy. Täze ýyl baýramynyň garşylanýan şatlyk-şowhunly pursatlarynda hormatly Prezidentimiziň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly pähim-paýhasa ýugrulan täze goşgusyny döretmegi we halkymyza serpaý bermegi, berkarar döwletimizde şatlykly waka boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusynyň halkymyza gowuşmagy mynasybetli 2022-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Ebedidir aýdym-sazyň, jan Watanym Türkmenistan!» atly maslahat geçirildi. Oňa medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, ýazyjy-şahyrlar, artistler, bagşy-sazandalar, sungat ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusyny okap oturan pursatynyň wideoşekiller arkaly görkezilmegini maslahata gatnaşyjylar uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerim Berdimuhamedowyň ýerine ýetirmeginde «Täze ýyl şowhuny» atly täze sazynyň wideoşekiller arkaly görkezilmegi, dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusynyň halkymyza gowuşmagyny uly buýsanç, çäksiz joşgun bilen garşylandyklaryny, bu ajaýyp eseriň özlerini türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny täze, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ruhlandyrandygyny, joşgunly ylhamlar dünýäsine ganatlandyrandygyny aýratyn nygtadylar hem-de häzirki wagtda medeniýet ulgamyny ösdürmek üçin ähli şertleriň bardygyny bellemek bilen, bu babatda çäksiz goldaw-hemaýatlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşly sözlerini giňden beýan etdiler.
Akmyrat REJEBOW