Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň baş metjidiniň açylyşyna gatnaşdy


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň baş metjidiniň açylyşyna gatnaşdy



25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz Balkanabadyň demirgazyk-günbatar böleginde gurlan täze metjidiň ýerleşýän ýerine geldi. Şanly senäniň — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda şäheriň köçeleridir şaýollary aýratyn öwüşgine eýe boldy.
Bu ýerde, şäheriň binagärlik toplumy bilen sazlaşan döwrebap desgalar toplumynyň ýanynda, milli Liderimiz hormatly ýaşulular bilen gürrüňdeş bolup, olara ösüp gelýän nesli terbiýelemäge, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly ýaşulular döwlet Baştutanymyza mähriban halkymyzyň abadançylygy, onuň baý medeniýetini we ruhy mirasyny aýawly saklamak barada edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Söhbetdeşlikden soň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze metjide tarap ugrady, ýol ugrunda onuň daşky bezeg aýratynlyklaryny, bu töwerekdäki durmuş maksatly desgalar bilen sazlaşygyny, metjidiň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlady.

Döwlet Baştutanymyz täze metjidiň açylmagyna ak pata berip, binanyň içine girdi.
Türkmenistanyň müftüsi ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi we jebisligi barada doga-dileg edip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we uzak ömür, alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi.
Doga-dileg edilenden soň, hajy Arkadagymyz musulman dünýäsiniň mukaddes şäheri Mekgeden ýadygärlik sowgat hökmünde iberilen, mukaddes Käbäniň keramatly ýazgylary bolan örtügi gowşurdy.
Bu ýerde, ýola goýlan asylly däbe görä, hormatly Prezidentimize sowgat berlen keramatly teperrik goýuldy. Ol milli Liderimize Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde zyýarat eden wagty çuňňur hormatyň nyşany hökmünde gowşuryldy. Bu mukaddeslikler ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň metjitlerinde goýlup, halkymyzyň olara tagzym etmegi üçin mümkinçilikler üpjün edilýär.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň özüniň doglan güni mynasybetli gowşuran mukaddes Käbäniň gapysynyň şekilinde Gurhany-Kerimiň mukaddes aýatlarynyň ýazgylary ýerleşdirilen sowgady täze metjide gowşurýandygyny aýtdy.
Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň müftüsi bilen söhbetdeş boldy. Bu gymmatlykda ýerleşdirilen ýazgylar musulman ymmatynyň parz işleri, Allatagalanyň sahawaty baradaky aýatlardan ybarat bolup durýar. Balkan welaýatynyň baş metjidinde goýlan mukaddeslikleriň sany döwlet Baştutanymyzyň metjide beren sowgady bilen bilelikde üç boldy.

Dabara gatnaşyjylar Balkan welaýatynyň baş metjidinde goýlan mukaddes gymmatlyklara tagzym edip, hajy Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň rowaçlanmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.
Soňra ýurdumyzyň müftüsi we täze metjidiň baş ymamy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy metjidiň gurluşy, şunuň ýaly desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýän binagärlik we bezeg aýratynlyklary, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem metjidiň diwarlaryny bezeýän mukaddes ýazgylaryň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, türkmen halky gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ýagşy dessurlara ygrarly bolmak bilen, ruhy mukaddesliklere aýratyn sarpa goýýar.
Soňra milli Liderimiz täze metjide täze awtoulagy sowgat edip, sadaka bermek üçin niýetlenen bina tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz özüniň ýiti zehininden we jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriniň galam hakynyň hasabyna ilimiziň asudalygy, ýurdumyzyň parahatçylygy, döwletimiziň has-da gülläp ösmegi üçin toý sadakasyny berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara we ähli watandaşlarymyza gutlag sözi bilen ýüzlendi. Milli Liderimiz hemmeleri Balkan topragynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik aýratynlyklary göz öňünde tutulyp gurlan täze, döwrebap metjidiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Toý sadakasyna gatnaşyjylar milli tagamlardan dadanlaryndan soňra, aýat-töwir okaldy.
Soňra milli Liderimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.