Saglygym-baýlygym
Lukmançylyk agyz-burun örtügini ulanmazdan öň, hökman,
eliňizi sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdelerden
peýdalanmaly.
Dakynanyňyzdan soň, agzyňyzy, burnuňyzy we eňegiňizi oňat örter ýaly, onuň maýyşgak gysgyjyny burnuňyza tarap egreltmeli hemde
epinlerini düzetmeli.
Örtügi dakynýan wagtyňyzda, oňa eliňizi degirmezlige çalşyň.
Agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzda, ýörite tutawaçlaryndan tutmaly.
Ulanyp bolanyňyzdan soň, ony ýapyk zibil gaplaryna taşlamaly.
Agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzdan soň hem hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly.
Lukmanlar agyz-burun örtüklerini 2 sagatdan köp ulanmazlygy maslahat berýärler.
Ýokanç kesellerden goranmak üçin diňe
lukmançylyk agyz örtüklerinden peýdalanmak
ýeterlik däldir. Bu işi 2 metr howpsuz araçägi
saklamak, elleriňizi wagtly-wagtynda sabynlap ýuwmak bilen utgaşdyryň we şu ýönekeý kadalary gündelik endigiňize öwrüň!