Ýurdumyzda gyş paslynyň uly çille döwri başlandy


Ýurdumyzda gyş paslynyň uly çille döwri başlandy



Şu gün Türkmenistanda uly çille döwri başlanýar. Uly çille döwri 8-nji dekabrda, garagyş gutarandan soň başlanýar we kyrk günläp dowam edýär. Şondan soň ol öz ornuny kiçi çillä berýär. Uly çille döwri köp güni öz içine alýandygy sebäpli, gyşyň örküji hasaplanýar. Hut şonuň üçin-de, ata-babalarymyz bu döwre aýratyn taýýarlyk görüpdirler diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.

Makalada bellenilişi ýaly, uly çillede ýagan gar ýa-da doňakçylyk maldarlar üçin käbir kynçylyklary döretse-de, ata-babalar bu döwürde ýagan garyň peýdaly taraplaryny-da ýatdan çykarmandyrlar. Bu babatda «Çille gary — ýeriň gany», «Çillede suw içen üzüm hiç wagt suwsamaz» diýen ýaly pähimleriň hersiniň uly manysy bar. Aslynda, her bir zadyň öz wagty bar. Wagtynda ýagan gar-ýagyş bereket hasaplanypdyr. «Kiçi çillede bal hem bolsaň damma, uly çillede gan hem bolsaň diňme» diýen pähimem şondan dörän bolsa gerek.

Tebigatdaky ýagdaýlara inçelik bilen syn edýän ildeşlerimiz bu ýyl uly çille döwründe garyň, ýagyş-ýagmyryň ýetik boljakdygyny aýdýarlar diýlip, habarda bellenilýär. Sebäbi agzy aýazly akrap hem, gyşyň başlangyjy hasaplanýan garagyş hem maýyl geldi we çarwa-da, daýhana-da gyşa taýýarlyk görmäge şert döredi.