Halkara gatnaşyklarymyz ösdürilýär
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä halklary bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny has-da kämilleşdirdi. Bu bolsa ýurdumyzyň batly depginler bilen has-da belent sepgitlere nazarlaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 2024-nji ýylyň 11-14-nji marty aralygynda Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guramagynda «Italýan dizaýny» atly hepdeligi geçirilip, hepdeligiň çäklerinde 12-nji martda Italiýanyň dizaýn we binagärlik ugurlarynda işleýän arhitektory Andrea Kaputo we ilçihananyň wekilleri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna okuw sapagyny we duşuşygy gurnamaga geldiler. Dabaraly garşylanan myhmanlar çeperçilik akademiýanyň zallary we «Altyn gaznadaky» gymmatlyklary bilen tanşyp, akademiýanyň döredijiligine ýokary baha berdiler.
Häzirki wagtda Ýewroaziýanyň birnäçe şäherlerinde binagärlik taslamalary bolan Andrea Kaputo akademiýanyň «Binagärlik we dizaýn» fakultetiniň talyplary bilen duşuşyp «Gymmatlyklary döretmek – deňlik, innowasiýa we durnuklylyk» atly tema boýunça sapak berdi. Sapagyň dowamynda döwrebap arhitekturanyň alamatlary, binalary täzeden gurmak ýa-da öňden bar bolan binalary dikeldip ulanyşa açyk etmegiň ýollaryny mysallar arkaly düşündirdi. Arhitektura we dizaýnyň sazlaşygynda, gündelik durmuşda gözellik bilen bir hatarda ýaşamak üçin rahatlygyň adamlara lezzet bermelidigi, şäher gurluşygynda şäher hereketi üçin has amatly şertleri döretmegiň ýollary barada taslamalaryny düşündirdi. Şeýle-de, türkmen binagärliginiň güýçli depginler bilen ösýändigini, Aşgabadyň gözelligi, onda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary derejede ýerine ýetirilýändigini belledi. Aşgabadyň gözelligine haýran galan arhitektor, ýene-de bu ýurda gelip syýahat etmek isleýänligini buýsanç bilen nygtady.
Elbetde, bu zatlaryň ählisi ýurdumyzyň sungatynyň dünýä derejesindäki abraýyny, halkara gatnaşyklaryň barha berkeýänligini, dünýä ýüzüne ýaň salan türkmen binagärliginiň kämilleşýänligini aýdyň subut edýär. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilip durmagy bolsa talyplaryň öz döredijiligine bolan höwesiniň artmagyna, gözýetiminiň giňemegine uly ýardam berýär. Bu bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň döwrebap bilim almagynda we türkmen sungatynyň ösmegi üçin edýän tagallalarynyň netijesidir.